5-nji awgustda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Erdogan Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet baştutanlarynyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirmegi meýilleşdiren sammitiniň wagtyny yza süýşürmegi teklip etdi. Şeýlelikde, Erdogan Türkmenistana meýilleşdiren saparynyň wagtyny yza süýşürdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň “Watan habarlary” gepleşigi habar berýär.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
Негізгі бет Erdogan Türkmenistana meýilleşdiren saparynyň wagtyny yza süýşürdi
Пікірлер: 8