Türkmen dzýudoçy zenan Gülbadam Babamyradowa Dýusseldorf (Germaniýa) şäherinde geçirilen “Gran-pri” tapgyrynda bürünç medalyny gazandy. Lebap welaýatyndan bolan halkara derejeli sport ussady we 2015-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy türgeni 52 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, dört tutluşyk geçirdi, olaryň üçüsinde - Koreýa Respublikasynyň toparyndan türgenleriň ikisini (Da Sol Park we Mi-Pi Kim) hem-de Kanadanyň ýygyndy toparynyň wekilini (Ýekaterina Guasa) ynamly ýeňmegi başardy.
Негізгі бет Gulbadam Babamuratova
Пікірлер: 13