Syr gider Köp namarda mal berip sen bun dünýe Gözi gökde gaýgysy ýok syr gider Kany aklyň onda düşün ýan dünýe Ne mertler bar ýoksyzlykdan hor gider ... Öz ömriňi surseň elwan aşratda Soňynda eziz jan galar hasratda Akmaklar bu ýerde galar gaflatda Akyl bolan öz gamyny iýer gider .. Ne dogry gelene mähriň inderdiň Ne gelmäne sowgat salam gönderdiň Parhy ýokdyr sende merdiň namardyň Arslan öter tilki geçer şir gider ... Peýda diläp gelen dünýa şährinden Janyn berip guwryp galar gahryndan Dünýä mardyr ol ýylanyň zährinden Tüý dökiler ganat gyrlar per gider ... Dünýä zeňdir kän oýnaýşly äri bir Bir öpişse etiň ganyň sorybir Ölenden soň şahu geda bary bir Mundan her kim boldyjagyn goýyr gider .. Adam ogly ýalançynyň ýalanyn Çyn sanypdyr egri bakyp gülenin Gam çekme eý adam her kim alanyn Karz malyňdyr ýene gaýdyp biýr gider ... Magtymguly güýçli bilen dalaşmaň Haýry goýyp şer işlere ulaşmaň Ýagşy ýaman sözim köpdir gülişmän Munda her kim bildijegin diýer gider ...
Пікірлер: 8