Şu günki programmamyzda:
- Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň keselleri ýene-de köpeldi. Aşgabadyň keselhanalaryna ýüz tutýanlaryň sanynyň aşa köpdügi sebäpli olary ýerleşdirmäge ýer ýetmeýär. Azatlygyň habarçysy paýtagtdaky ýagdaý barada maglumat berýär.
- Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwlet eýeçiligindäki taksi kärhanasynyň “Hyundai Elantra” kysymly ulagy ýol heläkçiligine uçrady. 12-nji iýulda bolan ýol hadysasynda dört adam heläk boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji iýulda sebitden maglumat berdi.
- ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we onuň respublikan bäsdeşi, öňki prezident Donald Tramp 14-nji iýul güni giçlik, Pensilwaniýadaky saýlaw kampaniýasy ýygnanyşygynda bolan kast ediş synanyşygynyň yz ýanyndan, ýurda agzybir bolmak çagyryşy bilen ýüzlendi.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
#habarlar
Негізгі бет HG: Aşgabadyň keselhanalaryna dem alyş ýollarynyň hassalygy bilen ýüz tutýan näsag köpelýär
Пікірлер: 1