Şu günki programmamyzda:
- 15-nji maý Aşgabatda örän ýagyşly boldy. Daňdan başlanan ýagyn günüň dowamynda gaýtalandy. Suw-sil köçeleri basdy. Azatlygyň habarçylary ýagyşyň paýtagtyň durmuşyna ýetiren täsirleri barada habar berýärler.
- Lebabyň Türkmenabat şäherindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary Konstitusiýa we Baýdak güni mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çärä gatnaşmaga taýýarlanýarlar. Döwlet telewideniýesi üçin öňünden reportaž taýýarlamaga niýetlenen bu çärä edara-kärhanalaryň işgärleri hem gatnaşmaly edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji maýda sebitden maglumat berdi.
- Şu günler Mary welaýatynyň mekdeplerinde abatlaýyş işlerine niýetläp, şäher ýerlerinde her okuwçydan 100 manatdan, oba mekdeplerinde 50 manatdan pul toplanýar. Bu aralykda, okuw ýyly ahyrlaýan mahaly, mekdeplerde synag soraglarynyň jogaplary 50 manatdan satuwa çykarylýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji maýda sebitden maglumat berdi.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
#habarlar
Негізгі бет HG: Aşgabatda we onuň golaýynda güýçli ýagyn ýagyp, ýollary suw basdy
Пікірлер: 4