Şu günki programmamyzda:
- Konstitusiýa we Baýdak gününiň bosagasynda, hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän medeni çäreleriň fonunda, içerki migrantlar paýtagtdan kowulýar, welaýatlardaky býujet işgärleri medeni çärelere mejbury gatnaşmak üçin Aşgabada iberilýär.
- Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda ýaşaýyş jaýlary ýykylan hojalyklaryň ençemesine Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Arkadag şäherinden ýeňillikli ipoteka esasynda jaý berildi. Emma ýaşaýjylar öýlerine göçüp baranda, jaýlaryna suw üpjünçilik turbalarynyň asla çekilmändigini bilip galdylar. Bu ýagdaýlar barada täze jaý eýeleriniň birnäçesi anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
- Aşgabatly synçy türkmenistanlylaryň sebitde bolup geçýän syýasy, sosial wakalar barada barha kän açyk pikir alyşýandygyny, hususan-da özbek prezidentiniň 8-nji maýda Moskwada, Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň döwlet baştutanlarynyň geňeşinde eden çykyşynyň ilat arasynda dürli çekişmeleri, pikirleri we soraglary döredendigini habar berýär. Onuň pikiriçe, türkmen jemgyýeti, megerem soňky onýyllyklarda ilkinji gezek, "öz düşen ýagdaýyna" ýarym açyk, tas aç-açan görnüşde reaksiýa bildirip başlady.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
#habarlar
Негізгі бет HG: Konstitusiýa, Baýdak güni mynasybetli içerki migrantlar paýtagtdan kowulýar
Пікірлер: 1