Şu günki programmamyzda:
- Türkmenistanda 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurduň ähli welaýatlarynda guralan ýörişlere müňlerçe adam gatnaşdy. Resmi media bu ýörişleriň “uly ruhybelentlikde geçirilendigini” aýdýar. Emma Azatlyk Radiosynyň Mary we Lebap welaýatlaryndaky habarçylary olara býujet işgärleriniň, talyplaryň we okuwçylaryň mejbury gatnaşdyrylandygyny, ýörişleriň maddy çykdajylarynyň býujetçileriň "gerdenine ýüklenilendigini" habar berýärler.
- Russiýanyň Ukrainanyň günortasyndaky Zaporižýa sebitine eden hüjümleri azyndan üç adamyň ölmegine we üç adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, sebit gubernatory Iwan Fedorow 8-nji aprelde, telegramda aýtdy.
- Lebaply ene-atalar Türkmenabat şäheriniň çagalar baglarynda iýmit üpjünçiliginiň ýagdaýynyň ýaramazlygyndan şikaýat edýärler. Olaryň ençemesi çagalaryň iýmitden zäherlenmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ýygy-ýygydan ýüze çykýandygyny aýdýar. Terbiýeçileriň birnäçesi anonim şertde beren maglumatlarynda çagalar baglarynda azygyň hiliniň ýaramazdygyny tassyklady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji aprelde Lebapdan maglumat berdi.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
Негізгі бет HG: Lebaply ene-atalar çagalar baglarynyň iýmit üpjünçiliginden şikaýat edýärler
Пікірлер: 2