Bu günki programmamyzda:
- Türkmenistanda bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagynyň arasynda, döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan unuň we çöregiň bahasynyň gymmatlamagy dowam edýär.
- Türkmenistanda un-çöregiň ýeňillikli nyrhdan satylmagynyň bes edilmegi il içinde aladalanmalary artdyrdy. Gün-güzeranyny zordan dolandyrýan halk köpçüligi döwlet dükanlarynda arzanrak satylýan azyga doly garaşly bolup, ýyllarboýy saklanyp gelýän gytçylyga, nobatlara we dürli çäklendirmelere çydam görkezip geldi. Ýaňy-ýakynda döwlet dükanlarynda azygyň nyrhynyň resmi duýduryşsyz birden ýokarlanmagy köpçülikde başagaýlyk döredi.
- Balkan welaýatynyň Saglygy goraýyş müdirligi sebitiň lukmanlaryna oglan çagalary hassahanalaryň hirurgiýa bölümlerinden başga ýerlerde sünnet etmegi berk gadagan etdi. Müdirlik sebitiň lukmanlaryndan bu gadaganlygy bozmajakdyklary barada dil haty ýazmagy hem talap etdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy fewralda sebitden maglumat berdi.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
#habarlar
Негізгі бет HG: Lukmanlara çagalary hassahanalardan başga ýerlerde sünnet etmek berk gadagan edilýär
Пікірлер: 3