Şu günki programmamyzda:
- Daşoguz welaýatynyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Ruhubelent etrabynda we Ahal welaýatynyň demirgazyk sebitlerinde, şeýle-de Mary welaýatynyň käbir sebitlerinde 7-nji maýda öýlän güýçli şemal öwsüp ýel turdy. Biraz öň, geçen hepdäniň şenbe güni, 4-nji maýda Aşgabadyň eteklerinde hem şemally howa boldy. 3-nji maýda paýtagtyň günorta sebitlerinde ýeriň sähel sarsylmagy ýerli ýaşaýjylarda ynjalyksyzlyk döretdi.
- Mary welaýatyndaky ýeke-täk ruhy keseller hassahanasyndaky şertler iňňän agyrlygyna galýar. Hassalar zerur medisina kömegini alyp bilmeýärler, olaryň saklanýan şertleri hem aýylganç bolup, adamlaryň hal-ýagdaýyny hasam agyrlaşdyrýar.
- Russiýa öten agşamyň dowamynda Ukrainanyň azyndan alty sebitine 50-den hem aşa raketa we 20 dron bilen hüjüm edip, möhüm infrastruktura desgalaryny nyşana aldy diýip, 8-nji maýda Ukrainanyň resmileri mälim etdiler.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
#habarlar
Негізгі бет HG: Marynyň ruhy keselhanasynda hassalar hapaçylykda idegsiz, aç saklanýar
Пікірлер: 2