Şu günki programmamyzda:
- Türkmenistanda döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň birnäçesinde işgärleriň aýlyklary azaldylýar. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, işgärleriň zähmet haklarynyň kemeldilmegine Aşgabadyň jemgyýetçilik transportyna we jemagat gulluklaryna degişli edaralaryň, şeýle-de Türkmenbaşy döwlet täjirçilik bankynyň işgärleri sezewar edilipdir.
- Lebap welaýatynyň ençeme ýaşaýjylary şu günler Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň dürli ‘bahanalara’ esaslanyp, sürüjilerden para almak işlerini güýçlendirendigini aýdýarlar. Olar polisiýany ‘talaňçylykda’ we ‘garakçylykda’ aýyplaýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji iýulda maglumat berdi.
- 11-nji iýulda NATO liderleri Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşarlar. Mundan bir gün öň, uruşdan ejir çekýän Ukraina goşmaça möhüm goldaw, şol sanda uzak wagtdan bäri garaşylýan ABŞ-nyň F-16 söweş uçarlarynyň iberilmegi we geljek ýylyň dowamynda Ýaranlygyň Ukraina üçin onlarça milliard dollarlyk harby hemaýaty yglan edildi.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
#habarlar
Негізгі бет HG: "PÝGG işgärleri ‘talaňçylyk’ bilen meşgullanýar" - lebaply ýaşaýjylar
Пікірлер: 6