«Roskosmosyň» habaryna görä, 5-nji iýunda russiýaly kosmonawt Oleg Kononenko umumy 1000 gününi kosmosda geçiren ilkinji ynsan boldy.
«Şu gün Moskwa wagty bilen sagat 00: 20-de dünýäde ilkinji gezek Halkara kosmos stansiýasynda işleýän «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň kosmonawty Oleg Kononenkonyň kosmos uçuşlarynyň umumy dowamlylygy 1000 güne ýetdi» - diýlip, habarda bellenilýär.
2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri ol bäşinji kosmos uçuşyny amala aşyrýar. «Roskosmos» 2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda meýilleşdirilýän HKS-a ýyllyk uçuş tamamlanandan soň, kosmonawtyň umumy uçuş wagtynyň 1110 gün bolmagyna garaşylýar.
Негізгі бет Oleg Kononenko - 1000 gününi kosmosda geçiren ilkinji ynsan
Пікірлер: 2